Kompaniýamyz hakynda

“Türkmen şöhle” kompaniýasy, size dürli maksatlara laýyk gelýän ýokary hilli plastikdan taýýarlanan hojalyk harytlaryny lomaý satyn alma mümkinçiligini hödürleýär. Biziň ýardamlarymyz bilen siziň durmuşyňyz has hem aňsatlaşar. Hödürleýän harytlarymyz gündelik durmuşda taýsyzdyr hem-de siziň endik eden hammam, aşhana, çagalar otagy we myhman otagyňyza sazlaşykly gelşik berer. Ähli ajaýyplyk ýaly “Türkmen şöhle” kompaniýasy, harytlary saklamak we ýygnamak meselesinde sada çözgütleri bilen diňe bir wagty tygşytlamak däl eýsem serişdäni tygşytlamakda hem giň mümkinçilikleri berýändir. Biz türkmen söwda bazaryna bir tapgyr plastik bedrelerini öndürmek bilen çykdyk we şol günden bäri biziň hemişeki assortimentimiz gün günden giňeýär. Biziň konweýerymyzda öndürlen her bir önüme kepil bolýarys.

Biziň önümçiligimiz- ýokary tehnologiýa hem-de adam we gurşaw üçin howpsuz bolan innowasion materiallaryň bir ara gelmeginiň netijesidir. Dürli görnüşde bar bolan önümlerimiziň önümçiliginde döwrebap polimerler (polisterol, polietilen, polipropilen) şeyle hem, plastik massasyna gerek bolan reňki we berkligi berýän aýratyn goşundylar ulanylýandyr. Her bir maksada laýyk gelýän we özboluşly bezege eýe bolan harytlarymyz kompaniýamyzyň tejribeli konstruktorlarynyň çeper elleriniň netijesidir.

Biziň bäsdeşlik aýratynlyklarymyz:

• Önümiň ergonomiki we estetiki ýokary standartlary;
• Harydyň görnüşleriniň täzelenmegi we artdyrylmagy;
• Önümçiligi awtomatlaşdyrma;
• Maýadarlar üçin ýokary özüne çekijiligi;

Biziň yörälgamiz:

• Biz- baş maksady müşderiler bolup durýan kompaniýa. Biz kim üçin işleýändigimizi bilýäris we öz işimizi söýýäris.
• Biz harytlarymyzy sarp edijileriň isleglerine görä öndürýäris.
• Biz sada we özüne çekiji çözgütlere ýykgyn edýän jenaplary, hanymlary we çagalary görýäris hem-de olara düşünýäris.
• Biz kompaniýamyzyň we onuň döredijilikli toparynyň durnukly ösüşine we özgerişine ýardam bermek bilen umumy işe bähbitli bolan zähmete pozitiw garaýarys.
• Biziň maksadymyz maksimal takyk netije gazanmak.

Biziň esasy üstünliklerimiz – öňümizde. Sizi üstünliklerimiziň bir bölegi bolmaga çagyrýarys!!!