Hyzmatdaşlyk

“Türkmen şöhle” zawody, plastik önümçiligi boýunça Türkmenistandaky iri kärhanalaryň biridir. Ýyllaryň dowamynda bu zawod üstünlikli işleriň ajaýyp netijelerini görkezip gelýändir, şol sebäpli hem önümçiligiň hili we göwrümi taýdan öňdebaryjy pozisiýany eýeleýändir.

Döwrebap enjamlar, ýokary derejeli işgärler, doly önümçilik tapgyry we elbetde hil hyzmaty, “Türkmen şöhle” plastik önümini öndüriji zawodyň çykarýan önüminiň howpsuz, ygtybarly, uzak ömürli we ýokary hilli bolmagyna getirýän esasy faktorlardyr.

Buýrujylarymyzyň hatda hemişelik söwda hyzmatdaşlarymyzyň hem diýsek bolar, bize bolan ynamyny ýokary hilli önüm we durnukly önümçilik prosesi arkaly gazanmaga başardyk.

Häzirki wagtda “Türkmen şöhle” plastik önümini öndüriji zawodyň satuw bazarlary Türkmenistanyň çägini aşdy, biz ýakyn sebitlerde, dürli satyn alyjylar bilen (lomaý we bölekleýin) berk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy güýçli depginde ösdürýäris.

Biziň plastik önümini öndüriji zawodymyz elmydama özara bähbitli hyzmatdaşlyga açykdyr, şol sebäpli hem ýokary hilli şahadatnamasy bolan plastik önümlerini hödürleýändir. Öndürýän önümlerimiziň ähli hil şahadatnamalary bardyr we köpsanly kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan işjeň ulanylýandyr.

“Türkmen şöhle” kompaniýasy aşakdaky resurslara eýeçilik edýändir:

• Zawodyň öndürýän önüminiň bütin önümçilik tapgyry;
• Döwrebap import we ata watanymyzda öndürlen enjamlar;
• Hususy önümçilik kompleksi we sklad jaýlary;

“Türkmen şöhle” ” plastik önümini öndüriji zawod bilen hyzmatdaşlyk etmek diýmek, bu:

• Doly müşderilere gönükdirip bilme;
• Uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary;
• Ýokary hilli hyzmat;
• Ýiti nyrh syýasaty;
• Ýokary hilli önüm;
• Bökdençsiz önüm üpjünçiligindäki ynamlylyk;

Edaraňyzyň, guramaňyzyň, kärhanaňyzyň ýa-da şereketiňiziň biziň hemişeki iş hyzmatdaşymyz bolmagyna biz diýseň şat bolarys, sebäbi biziň plastik harytlar önümçiligimiz bir ýyl däl-de eýsem dowamly özgerýär we depginlerini güýçlendirýär.